Eýran Yslam Respublıkasynyň gadymy Isfahan şäherinde 5 günlük iri syýahatçylyk çäresi geçirildi. Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu çäre dünýäniň 25 döwletinden 100-den gowrak syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynd aiş alyp barýan kompaniýalary bar. Olaryň arasynda ýurdumyzda netijeli iş alyp barýan “Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýetiniň, “Lebap syýahat” hem-de “Wepaly dört dogan” syýahatçylyk kompaniýalarynyň bardygyny bellemek bolar.
Isfahan şäherinde geçirilen syýahatçylyk tanyşdyrylyş çäresinde gadymy şäheriň owadan hem-de syýahatçylyk ýerlerine gezelençler guraldy. Şeýle hem syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda sebitiň syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen netijeli pikir alyşmalar guraldy.
Bu çäre diňe bir Eýranyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilmän, eýsem sebitleýin derejesinde syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga niýetlenendir.
Isfahan şäheriniň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasy tarapyndan geçirilen “Isfahanda syýahatçylyk kompaniýalarynyň duşuşygy” atly çärede syýahatçy alyş-çalşygy barada çykyşlar diňlenildi.
Isfahan şäheriniň häkimi ali Kasemzadeh bu çäräniň şäheriň syýahatçylyk pudagyna goýlan iri maýa goýum hökmünde kabul edilip bilinjekdigini aýtdy. Sebäbi Eýranyň bu şäheri bilen syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirjek kompaniýalaryň boljakdygyny belledi.
– Goňşy Eýran Yslam Respublikasynda örän netijeli syýahatçylyk duşuşygy boldy. Ýurduň gadymy şäherinde bolmak bilen, onuň gymmatlyklary bilen tanyşdyk. Şol bir wagtda biziň ata Watanymyz Tükrmenistanyň syýahat şertleri bilen tanyşdyrmak mümkinçiligine eýe bolduk. Şol bir wagtda özara hyzmatdaşlyk etmek bilen, syýahatçylaryň alyş-çalşygy babatda iş alyp barmak boýunça netijeli gepleşikler geçirdik – diýip, Eşretli Syýahat” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sähra Amanowa gürrüň berdi.