BILIM

Türkmenistanyň ýaş inženerleri «Almaty Tech Cup – 2025» halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde «Almaty Tech Cup – 2025» inženerçilik we robototehnika boýunça halkara çempionaty başlandy. Çäre diňe tehnologiýalaryň ösmegine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlary STEM derslerini (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) öwrenmäge ruhlandyrýar.

Çempionat dünýäniň dürli künjeginden gelen ýaş inženerleri, programma düzüjileri we oýlap tapyjylary bir ýere jemledi. Bäsleşik oňa gatnaşyjylara robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylaryndan düzülen iki sany türkmen topary hem gatnaşdy.

Çäräniň çäginde guramaçylar ýaş inženerleriň işleri sergilenen pawilýonlar bilen tanyşdylar.

Şeýle çäreler ýüze çykýan tehnologiki meseleleri çözmäge ukyply hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Türkiýe, Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň toparlaryna tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de özara gatnaşykda bolmak üçin amatly şertleri döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar