SPORT

Gwardiola saud toparyndan gowy teklip aldy

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ispan tälimçisi Hosep Gwardiolanyň Saud Arabystanynyň bir toparyndan gowy teklip alandygy habar berilýär. Bu barada “El Nacional” neşiri habar berýär.

54 ýaşyndaky ispan hünärmene saud toparlarynyň biri häzirki toparynda gazanýan girdejisinden has ýokary hem-de amatly teklip edendigi bellenilýär.
Gwardiola 2016-njy ýylyň tomsundan bäri Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna tälim berip gelýär. bu topar bilen uly üstünlikler gazanan Gwardiola soňky döwürde hem-de Angliýanyň çempionatynda hem-de Çempionlar ligasynda oňat netijeler gazanyp bilmedi.
Çempionlar ligasynda “Real Madrid” toparyndan ýeňlen “Mançester Siti” topary ýaryşdan çekildi. Angliýanyň çempionatynda bolsa, geçen hepdäniň ahyrynda tapgyryň esasy duşuşygynda “Liwerpul” toparyndan 2:0 hasabynda utulan “Mançester Siti” topary üstümizdäki möwsümde çempion bolmakdan barha daşlaşýar.

Related posts

Holand 5 gol bilen 54 ýyllyk rekordy täzeledi

Türk türgenleri Aşgabatdaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýar

Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşyklary

Ata Watan Eserleri