SPORT

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň iň uly klub ýaryşynyň täze möwsümi – 32-nji, umumylykda-da 69-njy möwsüminiň bijeleri çekildi.

Çekilen bijä laýyklykda, iň güýçli toparça “F toparça hasaplanýar. Bu toparçada PSŽ, “Borussiýa Dortmund”, “Milan” hem-de “Nýukasl” toparlary güýç synanyşarlar.

32 klubuň gatnaşýan ýaryşynda 30 klubuň UEFA Çempionlar Ligasy tejribesi bolup, 2 klub – “Union Berlin” bilen “Antwerpen” toparlary ilkinji gezek çykyş ederler. Aslynda “Antwerpen” mundan 66 ýyl ozal, Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşy döwründe gatnaşypdy. Şu möwsüm 32 klubuň gatnaşýan soňky möwsümi bolar.

Toparçalardaky 1-nji duşuşyklar 19-20-nji sentýabrda, 2-nji duşuşyklar 3-4-nji oktýabrda, 3-nji duşuşyklar 24-25-nji oktýabrda, 4-nji duşuşyklar 7-8-nji noýabrda, 5-nji duşuşyklar 28-29-njy noýabrda hem-de 6-njy duşuşyklar 12-13-nji dekabrda oýnalar.

Toparçalarda 1-2-nji orny eýelänler 1/8 finala çykar. 1/8 finalyň duşuşyklary 2024-nji ýylyň 13-14-nji, 20-21-nji fewralynda hem-de 5-6-njy, 12-13-nji martynda geçiriler. Çärýek final geljek ýylyň 9-10-njy, 16-17-nji aprelinde, ýarym final 30-njy aprel we 1-nji maýda hem-de 7-8-nji maýda oýnalar. Final duşuşygy bolsa 2024-nji ýylyň 1-nji iýunda Londondaky “Wembley” stadionynda geçiriler.

«A» TOPARÇA:

“Bawariýa” (Germaniýa), “Mançester Ýunaýted” (Angliýa), “Kopengagen” (Daniýa), “Galatasaraý” (Türkiýe)

«B» TOPARÇA:

“Sewilýa” (Ispaniýa), “Arsenal” (Angliýa), “PSW Eýndowen” (Niderlandlar), “Lans” (Fransiýa)

«C» TOPARÇA:

“Napoli” (Italiýa), “Real Madrid” (Ispaniýa), “Braga” (Portugaliýa), “Union Berlin” (Germaniýa)

«D» TOPARÇA:

“Benfika” (Portugaliýa), “Inter” (Italiýa), “RB Salsburg” (Awstriýa), “Real Sosiedad” (Ispaniýa)

«E» TOPARÇA:

“Feýenoord” (Niderlandlar), “Atletiko Madrid” (Ispaniýa), “Lasio” (Italiýa), “Seltik” (Şotlandiýa)

«F» TOPARÇA:

“Pari Sen-Žermen” (Fransiýa), “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa), “Milan” (Italiýa), “Nýukasl” (Angliýa)

«G» TOPARÇA:

“Mançester Siti” (Angliýa), “Leipsig” (Germaniýa), “Srwena Zwezda” (Serbiýa), “Ýang Boýz” (Şweýsariýa)

«H» TOPARÇA:

“Barselona” (Ispaniýa), “Porto” (Portugaliýa), “Şahtýor Donesk” (Ukraina), “Antwerpen” (Belgiýa)

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar