SPORT

Alp Arslan Begenjow Slowakiýada bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça türgeni Alp Arslan Begenjow Slowakiýanyň paýtagty Bratislawa şäherinde geçirilýän 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

86 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orun ugrunda geçirilen tutluşykda Türkmenistanyň wekili Türkiýäniň türgeni Sefa Jesury 9:2 hasabynda ynamly ýeňdi.

Medala barýan ýolda türkmen türgeni deslapky duşuşyklary üstünlikli geçirip, ýarym finalda Russiýanyň wekili Ahmad Mukutowa 4:8 hasabynda ýeňildi. Dünýä çempionatynda gazanylan bu medal Türkmenistanyň erkin göreş mekdebi üçin halkara sport arenasynda möhüm üstünlikleriň biri boldy.

Related posts

Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Oýunyň eminleri yglan edildi

Ronaldo toparynda galýar