Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Endi Bernem 2042-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny Birleşen Patyşalygyň çäginde geçirmek baradaky pikiri öňe sürdi. Bu barada “The Times” gazeti çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, Bernem bu pikiri Mançesterdäki premýer-ministriň täze edarasynda geçirilen şäher häkimleri bilen duşuşykda öňe sürdi. Hökümet baştutanynyň ýaryşy geçirmek üçin arza tabşyrmak mümkinçiligi boýunça Angliýanyň Futbol assosiasiýasy we Angliýanyň Premýer-ligasy bilen gepleşikleri alyp barýandygy bellenilýär.
“The Times” neşiriniň habar bermegine görä, Bernemiň hökümeti 2040-njy ýylda Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin hem arza tabşyrmaga taýýarlanýar. Neşir Bernemiň ýaryşlary Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky şäherlerde guramak isleýändigini, munuň sebitleriň ykdysady ösüşine itergi berjekdigini belleýär.
Angliýa öz taryhynda futbol boýunça dünýä çempionatyny diňe bir gezek — 1966-njy ýylda geçirdi. Hut şol ýyl Angliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynda taryhynda ilkinji we häzire çenli ýeke-täk gezek ýeňiji boldy.
Futbol boýunça soňky dünýä çempionaty şu ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirildi. Indiki ýaryş 2030-njy ýylda Ispaniýada, Portugaliýada we Marokkoda geçiriler. Toparlaýyn tapgyryň bir duşuşygyndan Argentinada, Urugwaýda we Paragwaýda hem geçiriler. 2034-nji ýylda bolsa dünýä çempionaty Saud Arabystanynda geçiriler.
