DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler.

Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen nygtadylar, onda Täjigistan Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 30-dan gowrak kararnamanyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan energetika, ulag we kommunikasiýalar, oba hojalygy, söwda we maýa goýum işi ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň geljegi gözden geçirildi.

Şu ýyl Duşanbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň hem-de Türkmen-täjik Işewürlik geňeşiniň ikinji mejlisiniň geçirilendigi bellenildi, bu bolsa konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aňladýar.

Geňeşmelerde medeni-ynsanperwer ugurlara uly üns berildi. Bu babatda taraplar ýakyn geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmäge bolan özara ymtylyşy göz öňünde tutup, konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027—2028-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Related posts

Türkmen sazandalary Sinandali klassyky saz festiwalyna gatnaşýarlar

ABU-nyň Ähliumumy habarlar forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi