SPORT

Türkmenistan Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndy topary Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) guramagynda geçirilýän futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatda ilkinji duşuşygyny geçirdi.

CAFA-nyň çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan başga Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çempionatyň ilkinji tapgyrynda Gyrgyzystanyň ýygynydy topary bilen geçiren duşuşygy 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Birinji oýun gününiň beýleki duşuşygynda Eýranyň ýygyndy topary uly hasap bilen Özbegistanyň milli ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi – 9:0.

Ýygyndy toparymyz çempionatdaky ikinji duşuşygyny 10-njy fewralda Özbegistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, halkara ýaryşy Duşenbe şäheriniň tennis we suw görnüşleri köpugurly sport toplumynda geçirilýär.

Related posts

Sane “Bawariýadan” “Galatasaraýa” geçýär

Çempionlar ligasy: “Çelsi” üçin kyn bolan 10 minut

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistana gitdi