SPORT

Sane “Bawariýadan” “Galatasaraýa” geçýär

Leroý Sane Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan Tükriýäniň “Galatasaraý” toparyna geçýär. Bu futbolçy 3 ýyllyk şertnama baglaşyp, 15 million ýewro aýlyk alar.

Leroy Sane Türkiýede öz karýerasyny dowam etdirer. 29 ýaşly german futbolçy “Bawariýa” bilen şertnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi.

Taraplar 3 ýyllyk şertnamany, her möwsüm üçin 15 million ýewro aýlyk boýunça ylalaşdylar.

Sane bilen Angliýanyň “Arsenal”, Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” hem-de Türkiýäniň “Fenerbahçe” ýaly klublar hem gyzyklanma bildirdi.

Geçen möwsümde bu futbolçy Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynda 30 duşuşykda çykyş etdi.

Related posts

Konor Makgregor üstünlikli operasiýa edildi

Türkmenistanda XIV Uniwersiada badalga berildi

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy