JEMGYÝET

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

2026-njy ýylda 3 döwletde – ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylar kem-kemden belli bolup başlady.

Günorta amerika sebitinde saýlama oýunlarynyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda ozal gatnaşmak hukugyna eýe bolan Argentinandan soňra Braziliýa bilen Ekwador hem dünýä çempionatyna gatnaşar.

Karlo Ançelottiniň tälim berýän Braziliýa milli ýygyndysy Paragwaýy 1:0 hasabynda utup, 23-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Braziliýa häzirki wagta çenli ähli dünýä çempionatlaryna gatnaşan ýeke-täk milli ýygyndydyr. Bu gezekki 23-nji bolar.

Şeýle hem bu sebitden Ekwador hem 5-nji gezek futbol dünýäsiniň iň uly ýaryşyna gatnaşmak hukugyna mynasyp boldy.

DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞMAK HUKUGYNA EÝE BOLAN DÖWLETLER:

ýer eýeleri: ABŞ, Kanada, Meksika
Aziýa: ýaponiýa, Eýran, Özbegistan, Iordaniýa
Okeaniýa: Täze Zelandiýa, Awstraliýa
Günorta Amerika: Argentina, Braziliýa, Ekwador

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady