SPORT

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Özbegistana gitdi

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Özbegistana ugur aldy.

Ýeri gelende bellesek, bije çekişligiň netijesinde ýygyndy toparymyz «C» toparça düşdi. Bu toparçada türkmenistanly futzalçy zenanlardan başga-da, toparçanyň ýer eýesi bolan ― Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň ýygyndylary bar. Zenanlar ýygyndymyzyň tälimçiler düzüminiň saýlama tapgyrynda çykyş etmek üçin oýunçylaryň 14-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň «C» toparçasynyň duşuşyklary 11-19-njy ýanwary aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler.

Saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilýän toparçalarda ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar hem-de üçünji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezeni Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Milli ýygyndymyz saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 11-nji ýanwarda Awstraliýanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Aziýa Kubogy – 2025-iň final tapgyry 2025-nji ýylyň maý aýynda Hytaýda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy