DÜNÝÄ

Messi ABŞ-nyň Prezidentiniň Azatlyk medalyna mynasyp boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, sport, sungat, ylym we ynsanperwerlik ýaly dürli ugurlarda ajaýyp üstünlikleri görkezen 19 adama ýurtda berlen iň ýokary raýat sylagy bolan Prezidentiň Azatlyk medalyny gowşurdy. Bu baýraga mynasyp bolanlaryň hatarynda dnüýä belli futbolçy Lionel Messi hem bar.

ABŞ-nyň “inter Maýami” toparynyň beren beýanatynda görä, bu toparda çykyş edýän Messi bu medalyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp bilmedi.

Klubyň kapitany, Leo Messi gaznasynyň üsti bilen dünýädäki çagalar üçin saglygy goraýyş we bilim maksatnamalaryny goldaýar we ÝUNISEF-iň hoşniýetli ilçisi bolup işleýär.

Bu gezek medala mynasyp bolanlaryň hatarynda ozalky daşary işler ministri Hilari Klinton, kino dünýäsiniň meşhur ýyldyzlary Denzel Waşington we Maýkl Foks, futbolçy Lionel Messi, aýdymçy Bono we beýlekiler bar.

Related posts

“United Airlines” awiakompaniýasy uçýan taksileri satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Asya ile Avrupa’yı Birleştirecek

Ata Watan Eserleri

Migrasiýa ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy