MEDENIÝET

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

 

Related posts

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Jony Türkmenistana geldi

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy