SPORT

Angliýada 2-nji “Salah” peýda boldy

Angliýanyň futbol çempionatynda çykyş edýän “Mançester Siti” topary müsürli futbolçy Omar Marmuş bilen şertnama baglaşdy. Müsürli futbolçy Omar Marmuş häzirden Angliýanyň çempionatynyň 2-nji Salahy bolar diýlip bellenilýär.

Iňlis topary Omar Marmuşy Germaniýanyň “Aýntraht” toparyndan 75 million ýewro satyn aldy. Şeýlelikde, bu müsürli hüjümçi gyşky transfer möwsüminiň iň gymmat futbolçylarynyň biri boldy.

Müsürli hüjümçi bilen 4,5 ýyllyk şertnama baglaşyldy we ol täze toparynda “7” belgili köýnekçede çyykş eder.

Marmuş Germaniýanyň çempionatynda iň güýçli 2-nji köp gol geçiren futbolçydyr. Ol şu möwsümde 17 duşuşykda 15 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy