SPORT

“Inter” bassyr 2-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Italiýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Rim şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen oýunda “Inter” bilen “Fiorentina” toparlary duşuşdy. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynd aýeňen “Inter” topary bassyr 2-nji gezek Italiýanyň kubogyny eýeledi.

Kubogy gazanan toparyň düzüminde dünýä çempiony argentin hüjümçi Lautaro Martines tapawutlandy. Ýeňlen toparyň goluny Nikolas Gonsales geçirdi.

Duşuşykda 2 gezke tapawutlanan Martinesiň ilkinji goly “Inter” toparyndaky ähli ýaryşlarda geçiren 100-nji goly boldy. 25 ýaşyndaky Lautaro Martines 2022-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen çempon boldy, 2021-nji ýylda Amerikanyň kubogyny gazandy. Ol 2018-nji ýyldan bäri italýan toparynyň düzüminde çykyş edp, 235 duşuşykda oýnady.

“Inter” topary yzly-yzyna 2-nji gezek Italiýanyň kubogyny eýeledi. Umumylykda, bu topar Italiýanyň kubogyny 9-njy gezke gazanyp, kubogy iň köp gazanan toparlaryň arasynda 2-nji orunda durýar. Italiýanyň kubogyny iň köp ýagny, 14 gezek “Ýuwentus” topary gazandy.

Related posts

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

“FA Kubogynyň” finaly: “Liwerpul” – “Çelsi”

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment