SPORT

Urugwaýly Kawani “Walensiýada” oýnar

Urugwaýyň milli ýygyndysynyň tejribeli hüjümçisi Edinson Kawani Ispaniýanyň “Walensiýa” topary bilen şertnama baglaşdy. Ispan topary bu hüjümçi bilen 2024-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekişdi.

35 ýaşyndaky hüjümçi täze toparyna erkin futbolçy hökmünde goşuldy. Ol “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soňra erkin futbolçy bolupdy.

Ol geçen möwsümde Angliýanyň çempionatynda 15 duşuşykda 2 gezek tapawutlanypdy. Köpräk ätiýaçda oturan futbolçy karýerasyny başga toparda dowam etmegi maksat edindi.

 

Related posts

Ronaldonyň dünýä çempionatyndaky nobatdaky rekordlary

Roberto Martines türkmenistanly futbol janköýerlerine salam ýollady

Ata Watan Eserleri

Iň köp girdeji gazanan futbol topary

Ata Watan Eserleri