DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky tekliplere garaldy.

Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini bellediler.

Şertnama-hukuk binýadyny kämileşdirmek we rejelemek boýunça işleri işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi

Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

«Alawly türkmen» hususy kärhanasy täze ýaşaýyş jaýlaryny gurdy

Türkmenistan-ÝB: 2025-nji ýylda saparlar we forumlar guralar

Gilbert Houngbo: emeli intellekt işçi güýjüniň azalmagyna sebäp bolmaz

Aşgabatda ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyry açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Trapmyň daşary ýurt lideri bilen ilkinji telefon söhbetdeşligi