SPORT

Gyşky Aziýa oýunlary: Saud Arabystany ilkinji gezek gatnaşýar

Şu ýylyň 7-14-nji fewraly aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde IX gyşky Aziýa oýunlary geçiriler. Bu gyşky oýunlara yklymyň 34 milli Olimpiýa komitetinden 1275 türgten gatnaşar.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň maglumatyna görä, bu görkeziji oýunlaryň taryhynda rekorddyr. Saud Arabystany we Kamboja ilkinji gezek sportuň gyşky oýun görnüşlerine gatnaşýar.

Mundan ozal, Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen oýunlara 32 milli olimpiýa komitetinden 1147 türgen gatnaşdy. 8 ýyldan soňra Harbindäki oýunlarda türgenleriň sany 128-e ýetdi.

Türgenleriň 755-si erkek, 520-si zenan türgenler bolup, olar baýrakly orunlar üçin bäsleşer.

Mundan başga-da, gyşky Aziýa oýunlarynda medallaryň 32 toplumy üçin bäsleşikler gurnalar.

Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň düzüminde 45 milli olimpiýa komiteti bardyr. Guramanyň ştab-kwartirasy Kuweýtiň paýtagtynda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy