SIZDEN GELENLER

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýamy­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pähim-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň şat­lyk-şow­hu­ny çar tarapa ýaň sal­ýar. Ta­mam­la­nyp bar­ýan­ 2024-nji­ ýyl mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz, bagtyýar hal­ky­myz üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li, dü­şüm­li ýyl bol­dy.

Üstünliklere beslenen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny sowgat almak ildeşlerimizi has-da buýsandyrdy.

Geçip barýan ýylyň soňky aýlardan Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby çap çykdy. Ol beýik türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän “Hakyda göwheri” atly kitabydyr. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler.

“Hakyda göwheri” atly bu eser, taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny, türkmen halkynyň medeniýetiniň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny beýan edýär. Kitapda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna ýetiren täsirleri giňişleýin açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Alty bölümden ybarat “Ruhy miras” babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine üns çekilýär.

“Hakyda göwheri” atly täze kitap hem Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy, döredijilik mirasy hakynda toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Bu eser gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde-de gymmatly çeşmä öwrüler. Alym Arkadagymyz döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetirilen dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofik eserleri watandaşlarymyzyň her biri üçin durmuş we döredijilik şamçyragydyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadyr. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri häzirki döwrüň halkara durmuşynyň  köpsanly çylşyrymly sowallaryna jogap bermäne, ýurdumyzyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur syýasatyna, öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň köpdürli eserlerinde beýan edilýän pikirdir garaýyşlar döwletli döwranymyza, şöhratly taryhymyza, medeniýetimize, sungatymyza söýgimizi has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň pugtalandyrylmagy babatdaky meseleler bilen birlikde, watansöýüjilige, ahlak terbiýesine, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Alym Arkadagymyzyň paýhas dürdänelerini özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde kitap okamagyň, esasanam, gowy kitaplary we eserleri okamagyň geljegimize oňyn täsirin we ummasyz peýdasy bardyr.

Dürdäne eserleri bilen dünýämizi gözelleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Maýa Jumakowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri