JEMGYÝET

Singapuryň ýolbaşçylaryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnamdan we Premýer-ministri Lourens Wongdan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Hatda döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin hoşallyk bildirilýär. Şeýle hem Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, halkymyza bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar hem-de iň gowy arzuwlar beýan edilýär.

Hatda bellenilişi ýaly, geçen 30 ýylyň dowamynda Singapur Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda birek-birege hormat goýmaga we hoşniýetlilige esaslanýan gatnaşyklar ýola goýuldy. Singapur Respublikasy halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürilýän dostlukly döwletara dialoga ýokary baha berýär.

Singapur Respublikasynyň Prezidenti Tarman Şanmugaratnam we Premýer-ministri Lourens Wong ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Related posts

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Togan Oral: Nowruz baýramy türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär

Türkmen metbugatynda- 23.02.2019

vepa