JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýolbaşçylyk eden sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Resmi däl sammit Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirildi.

Guramanyň köp ýyllyk däplerine eýerilip, her ýyl Täze ýylyň öňüsyrasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy guralýar.

Rus Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, Putin bu sammitde Russiýanyň 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň jemlerini jemlendi.

Üstümizdäki ýylda gurama başlyklyk eden Russiýa bu başlyklygy 2025-nji ýylda Täjigistana berdi.

Şeýle hem bu gezekki sammitde 2025-nji ýylda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemek boýunça görüljek taýýarlyk barada pikir alşyldy.

Sammitiň çäklerinde medeni maksatnama hem taýýarlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär