JEMGYÝET

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe günden bäri Täze ýylyň öňüsyrasynda däbe öwrülen ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylarynyň konsertleri geçirilýär.

Ine şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gyşky sport oýunlary toplumynda Türkiýäniň meşhur aýdymçysy Murat Bozuň konserti guraldy. Oňa paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de onuň myhmanlary gatnaşdy.

“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sport toplumyndaky Murat Bozuň konserti meşhur aýdymçynyň köp sanly muşdaklaryny bir ýere jemledi. Bu ýerde türk aýdymçy özüniň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Murat Boz ikinji gezek ajaýyp Türkmenistana we onuň ak mermerli paýtagty Aşgabada gelýändigini belledi. Ol türkmen halkyny myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, şeýle ajaýyp mümkinçilig döredendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine özüniň hoşallygyny bildirdi.

“Özledim”, “Üzüleceksin” ýaly birnäçe gowy aýdymlaryny ýerine ýetiren Murat Boz konsertiň käbir böleklerinde aýdymlaryny öz muşdaklary bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

Umuman, Murat Bozuň konserti Aşgabadyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlaryna uly gyzyklanma döretdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda daşary ýurtly aýdymlaryň gatnaşmagynda konsert maksatnamalary dowam edýär. 23-nji dekabrda eýranly aýdymçy Emin Raseniň, 24-nji dekabrda özbek aýdymçy Osman Nowruzowyň konserti boldy.

26-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabadyň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary üçin tunisli aýdymçy Amani Swissiniň konserti göz öňünde tutulýar.

27-nji dekabrda bolsa, Arsen Şahunsyň konserti meýilleşdirilýär.

Aşgabatdaky Täze ýyl mynasybetli geçirilýän konsert maksatnamalary türk aýdymçy Gülşen Baýraktaryň 28-nji dekabrda geçiriljek konserti bilen tamamlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär