JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Birleşen Milletler Guramasynda işlemek isleýärsiňizmi?

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa: Türkmenistan Hytaý bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürer

1970-nji ýylyň awtoulaglary täzeden dünýä inýär

Dr.Döwran Orazgylyjov