DÜNÝÄ

80 ýurduň Baştutany Azerbaýjandaky COP29 sammitinde çykyş eder

Şu ýylyň 12-13-nji noýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynda (СOP-29) 50 prezident, 10 wise-prezident, 20 hökümet baştutany we 2 mirasdüşer şazada çykyş eder. Bu barada Azerbaýjanyň metbugaty habar berýär.

Sammitiň birinji gününde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Polşanyň Prezidenti Anjeý Dudanyň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radewiň, Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stubbyň, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň çykyş etmegine garaşylýar.

Şeýle hem Ispaniýanyň hökümetiniň başlygy Pedro Sançes, Belgiýanyň Premýer-ministri Aleksadr De Kroo, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud çykyş eder.

13-nji noýabrda bolsa, döwlet we hökümet baştutanlarynyň çykyşlary dowam edýär. Şol gün Mongoliýanyň Prezidenti, Braziliýanyň, Tanzaniýanyň, angolanyň wise-prezidentleri, Gresiýanyň, Horwatiýanyň, Maltanyň, Italiýanyň, Gruziýanyň, Wengriýanyň, Albaniýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Niderlandlaryň, Daniýanyň we beýleki ýurtlaryň Premýer-ministrleriniň çykyşlaryna garaşylýar.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar