JEMGYÝET

Türkiýäniň we Türkmenistanyň Mejlis Başlyklarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşygy geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy myhmanlary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

D.Gulmanowa şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan  beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Türkiýe bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýe döwletine boljak sapary bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi.

Тaraplar netijeli parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi