JEMGYÝET

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň 250 ýyllygyny belleýär. 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda garaşsyz Amerika döwleti esaslandyryldy. Şondab bäri geçen döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlary uly özgertmeleri başdan geçirip, dünýäniň öňdebaryjy döwletine öwrüldi.

Şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy bellenýär. Bu şanly senä mynasybetli Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik çäresi guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Paýtagtymyz Aşgabadyň kaşaň “Ýyldyz” myhmanhanasy ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň şanly 250 ýyllygy mynasybetli ajaýyp keşbe eýe bolupdyr. Myhmanhananyň kabul edişler zalynda ABŞ-nyň irki döwründen şu gününe çenli gazanan üstünlikleri beýan edilýär.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Elizabet Rud myhmanlary iki ýurduň baýdaklary bilen bezelen ýörite ýerde kabul etdi. Dabara ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp snaly myhmanlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Hökümetine wekilçilik edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Elizabet Rud dabaradaky öz çykyşyny türkmen dilinde ýerine ýetirdi we onuň bu çykyşy myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ilçi ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň ähmiýeti barada gürrüň berip, şol bir wagtda Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigin aýtdy. Ilçi Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly bagtdygyny belläp, mundan beýläk-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda giň tagallalar ediljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny milli baýramy bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ähli ugurlardaky hyzmadaşlygyna uly kanagatlanma bildirip, özara gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini belledi.

Türkmenistanda köp sanly amerikan kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barýandygyny bellän wise-premýer ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy. Wise-premýer Türkmenistanyň ABŞ-nyň 15-den gowrak bilim maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi.

Resmi çykyşlardan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi.

Ýene-de okaň

Greýs Wan BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellendi

Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy

Ahalteke bedewi – Gazagystanyň täze medeni nyşanyna öwrüldi

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygy 1 milliard dollara ýetirer

Ýewropada ahalteke bedewleriniň ilkinji halkara gözellik çempionaty geçiriler

“Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekildi