SIZDEN GELENLER

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirildi. Şolaryň arasynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertdigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Durnukly ösüşe maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bagtyýar durmuşyň berkarar edilmegine ýardam berýär. Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sazlaşykly ösüşiň baş şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda innowasion ösüşlere gönükdirilen ugruň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, bütinleý täze önümçilikler döredildi, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ähli pudaklaryň senagat-innowasion taýdan durnukly ösüşi boýunça işler ýene-de üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.

 Çalt wagtlarda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän zawodyň işe girizilmegi-de ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrar. «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsirini ýetirer.

Ösüşleriň ýene bir möhüm ugrunda rowaçlyklara eýe bolunýar. Ol ulag-üpjünçilik ulgamydyr. Bu ulgam diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerine däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge-de oňyn täsirini ýetirýär. Ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň kuwwatlylyklary has artýar. Howa aragatnaşygynyň, deňiz-derýa ulaglarynyň, awtomobil hyzmatlarynyň ýola goýluşynda ýurdumyz häzirki mahalda belent sepgitlere ýetýär.

Deňiz-derýa ulaglarynyň halka hyzmat ediş derejesi ýokarlanýar. Iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen halkara deňiz portumyz bar, deňiz menzilleri döwebaplaşdyryldy, olaryň täze gämiler bilen üpjünçiligi bolsa has-da ýokary derejede guraldy. Welaýatlaryň ählisinde döwrebap awtomenziller ilata hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň döwrebap ulgamy döredilýär. Bu bolsa ykdysady peýdanyň artmagynda we gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan we ýene-de meýilleşdirilýän iri taslamalar ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny has ýaýbaňlandyryp ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak, ulag-üstaşyr mümkinçiligi ösdürmek maksady bilen, sebit ähmiýetli taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ine, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak patasy bilen, 11-nji sentýabrda bir günde ýedi sany iri taslama badalga berildi. Mary welaýatynda düýbi tutulan «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasy türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de ugurdaş optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine başlanylmagy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde täze elektrik bekedine elektrik energiýasynyň iberilip başlanmagy, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň, demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi sebitde hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ösmegine öz täsirini ýetirer.

Batyr Baýjanow, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2 NGPYD “B” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir

Baş maksadymyz – döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri