Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim, sementiň öndürilişi 7,2 göterim artdy.
