JEMGYÝET

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga rugsat berildi. Bu barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.

Ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Related posts

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna badalga berildi

Filmiň maslahatlaryna eýerip, halas boldy

Ata Watan Eserleri

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 13,1 milliard ýewro maýa goýdy

Ata Watan Eserleri