DÜNÝÄ

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Katar Döwletine 18 ýyl ýolbaşçylyk eden öňki emir Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 74 ýaşynda aradan çykdy. Ol Katar Döwletiniň häzirki Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň kakasydyr. 

Şeýh Hamad bin Halife Al Taniniň aradan çykandygy habardaky habary Emiriň diwanynyň “X” sosial torunda çap eden resmi beýanatynda habar berildi.

Resmi maglumatda Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň ýekşenbe güni irden aradan çykandygy bellenilýär. Emiriň diwany onuň aradan çykmagynyň ýurt üçin uly ýitgi diýip belledi.

Belläp geçsek, Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani häzirki zaman Katarynyň binýadyny goýan döwlet ýolbaşçylarynyň biri hasaplanýar. Ol häkimiýeti ogluna tabşyrandan soň hem ýurtda uly täsirini we ýokary abraýyny saklap galdy.

Beýanatda şeýle diýilýär: «Allanyň takdyryna ynam bilen emiriň diwany beýik merhum, emiriň kakasy Alyhezret Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanç bildirýär. Ol 12-nji iýulda irden 74 ýaşynda dünýäden ötdi».

Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Katara ýolbaşçylyk etdi. 2013-nji ýylyň iýun aýynda ol tagtdan meýletin çekilip, häkimiýeti häzirki emir, ogly Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tabşyrdy. Şondan soň oňa resmi taýdan emiriň kakasy diýen at berildi.

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy