JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä onuň kakasy Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Goý gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we  Katar Döwletiniň ähli halkyna gynanjyny bildirip, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Şu gün Katar Döwletine 18 ýyl ýolbaşçylyk eden ozalky Emir Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 74 ýaşynda aradan çykdy.

Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli Katara ýolbaşçylyk etdi. 2013-nji ýylyň iýun aýynda ol tagtdan meýletin çekilip, häkimiýeti häzirki Emir, ogly Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tabşyrdy.

 

Ýene-de okaň

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar