SPORT

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

2010-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen Diego Forlan Urugwaýyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy. Bu barada “Marka” neşiri Urugwaý Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti Ignacio Alonso salgylanyp habar berdi.

Şertnama 2027-nji ýylyň mart aýyna çenli hereket eder. Şol möhlet tamamlanandan soň assosiasiýanyň ýolbaşçylygy Forlan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek mümkinçiligine baha berer. Urugwaý Futbol Assosiasiýasynda geçiriljek prezident saýlawlary sebäpli gurama häzirlikçe uzak möhletli şertnama baglaşmaga taýýar däl.

Forlan bu wezipede 2023-nji ýyldan bäri ýygynda tälim beren Marselo Býelsanyň ornuny eýeledi. Onuň ýolbaşçylygynda Urugwaý 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşdy, emma bir hem ýeňiş gazanyp bilmedi we toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmedi. Urugwaý Saud Arabystany bilen 1:1, Kabo-Werde bilen 2:2 hasapda deňme-deň oýnady we Ispaniýadan 0:1 hasabynda ýeňildi.

Forlan 47 ýaşynda. Ol 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Urugwaýyň “Penarol” klubuna baş tälimçi bolup bellendi, emma 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda wezipesinden boşadyldy. 2021-nji ýylyň mart aýynda bolsa “Atenas” toparynyň baş tälimçisi boldy we bu wezipede alty aý işledi.

Oýunçylyk karýerasynda Forlan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted”, Ispaniýanyň “Wilýareal we “Atletiko Madrid”, Italiýanyň “Inter” klublarynda, şeýle hem Argentinanyň, Braziliýanyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Gonkongyň toparlarynda çykyş etdi.

 “Mançester Ýunaýted” bilen Angliýanyň çempiony (2003), Angliýa Ligasynyň Kubogynyň eýesi (2003) we Angliýanyň Kubogynyň eýesi (2004) boldy. “Atletiko Madrid” bilen Ýewropa ligasynda (2010) we UEFA-nyň Superkubogynda (2010) ýeňiji boldy.

Urugwaýyň milli ýygyndysynyň düzüminde Forlan 112 duşuşyk geçirip, 36 pökgi geçirdi. Şeýlelikde, ol milli ýygyndynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň arasynda üçünji orny eýeleýär.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy