BILIM

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Geçen ýyl ýurduň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenler 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýylda bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Related posts

Talyp-2025: Türkmen döwlet medeniýet instituty

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçiriler

Tomusky dynç alyş möwsümi: 15 müň 70 çaga dynç aldy

Ata Watan Eserleri