SIZDEN GELENLER

Türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygy – dostluk we ösüş köprüsi

Türkmen–Hytaý hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşýar. 

Häzirki döwrüň depginli ösüşi ylym-bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny döwletleriň strategik ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwürdi. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribesi bilim ulgamynyň diňe bir ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem halklary ýakynlaşdyrýan, medeniýetleri birleşdirýän, ynanyşmagy we parahatçylygy berkitýän kuwwatly güýje öwrülendigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hem dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ylym-bilim ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri milli bilim ulgamyny halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ylmyň täze ugurlaryny ösdürmäge, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Bu beýik maksatlar diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijesinde hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şeýle möhüm halkara çäreleriň biri hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirilen «Önümçilik, okuw, ylym we tejribe ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa–Hytaý» atly halkara maslahat aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň we önümçilik edaralarynyň wekillerini bir ýere jemläp, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara sazlaşygyny üpjün etmegiň döwrebap ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň meýdança döretdi.

Forumyň gün tertibinde innowasion ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak, sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ylmy gözlegleriň netijelerini önümçilige geçirmek, ýaş alymlary goldamak, akademiki hereketliligi ösdürmek ýaly möhüm meseleler giňişleýin seljerildi. Çykyşlarda häzirki zaman uniwersitetleriniň diňe bilim berýän däl, eýsem ylmy açyşlaryň we tehnologik ösüşleriň esasy merkezleri bolmalydygy nygtaldy.

Maslahata Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagy ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Institutyň wekilleri diňe bir tejribe alyşmak bilen çäklenmän, eýsem türkmen bilim ulgamynyň gazanan üstünliklerini halkara jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda hem işjeň çykyş etdiler.

Maslahatyň çäklerindäki iň möhüm wakalaryň biri hökmünde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hytaý dilini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilmegini görkezmek bolar.

Bu ylalaşyk öz mazmuny boýunça diňe bir dil öwretmek bilen baglanyşykly resminama däldir. Ol türkmen–hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň ýol kartasydyr. Ylalaşygyň esasynda mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ylmy maslahatlary we okuw sapaklaryny bilelikde geçirmek, häzirki zaman okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, sanly bilim platformalaryny döretmek, ylmy neşirleri bilelikde çap etmek, talyplaryň we ýaş alymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady we energetika ugurlarynda däl, eýsem ylym-bilim ulgamynda hem täze ösüşlere eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen talyplary hytaý dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Munuň sebäbi dünýäniň ykdysady we ylmy ösüşinde Hytaýyň eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde hytaýly alymlaryň hem türkmen diline, taryhyna, medeniýetine we Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyna bolan gyzyklanmasy artýar. Bu bolsa iki halkyň ruhy ýakynlygynyň has-da pugtalandyrylýandygyny görkezýär.

Türkmen–hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady özara hormat, deňhukuklylyk we birek-biregiň milli aýratynlyklaryna sarpa goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar gadymy Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan dostluk däpleriniň häzirki zaman dowamy bolup durýar. Bir wagtlar söwda kerwenleriniň birleşdiren halklaryny häzirki döwürde ylym, bilim, sanly tehnologiýalar we innowasiýalar birleşdirýär.

Ylym-bilim hyzmatdaşlygy döwletleriň geljegine goýulýan iň gymmatly maýa goýumdyr. Sebäbi döwrebap bilim alan ýaşlar ertiriň alymlary, mugallymlary, inženerleri, lukmanlary we döwlet dolandyryjylarydyr. Şol sebäpli hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, birnäçe daşary ýurt dilini bilýän, innowasion pikirlenýän hünärmenler bolup ýetişmegi döwletimiziň ileri tutulýan maksatlarynyň biridir.

Urumçy şäherinde geçirilen halkara maslahat we onuň çäklerinde gol çekilen Çarçuwaly ylalaşyk türkmen–hytaý hyzmatdaşlygynyň nobatdaky üstünlikli ädimidir. Bu resminama diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem geljek ýyllaryň hem hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini kesgitleýän möhüm hukuk binýady bolup hyzmat eder. Şeýle başlangyçlar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar, bilelikdäki ylmy taslamalaryň sanyny artdyrar hem-de täze ylmy açyşlaryň we bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine giň ýol açar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlaryň kämil bilim almagy ýurdumyzyň geljeginiň berk binýadydyr. Hut şonuň üçin hem türkmen–hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň täze üstünlikleri diňe bir iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri üçin däl, eýsem sebitde parahatçylygyň, dostlugyň we durnukly ösüşiň pugtalanmagyna hem mynasyp goşantdyr. Çünki ylym halklary birleşdirýär, bilim bolsa olaryň geljegini gurýar.

Şirin Gündogdyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

Gündogar dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyn mugallym-öwrenijisi. 

Ýene-de okaň

Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda sanly bilimiň we sanly ykdysadyýetiň orny

Bagşa tagzymly ömür

Ekologiýanyň goragy-ýaşaýşyň abadançylygy

Ata Watan Eserleri

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Ata Watan Eserleri

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Ylym we bilim arkaly beýik geljege tarap