SPORT

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri «Barselona» geçdi

Futbol boýunça dünýäniň we Ýewropanyň çempiony, ispaniýaly ýarymgoragçy Rodri «Barselona» geçdi.

Bu barada žurnalist Fabrisio Romano özüniň “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda futbolçynyň bevanatyny getirýär.

«“Barselonada” oýnamak meniň arzuwym. Topardaşlaryma goşuljak pursadyma sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Biz Çempionlar ligasynda we beýleki ähli ýaryşlarda ýeňiş gazanmak üçin göreşeris» diýip, Rodri aýtdy.

Rodri ozal «Wilýarrealyň», «Atletikonyň» we «Mançester Sitiniň» düzüminde çykyş etdi. Ol iňlis klubynyň düzüminde Çempionlar ligasyny hem goşmak bilen, milli we halkara ýaryşlarda ençeme kuboklara mynasyp boldy.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Rodri dünýä çempiony (2026 ý.), Ýewropa çempiony (2024 ý.) we Milletler ligasynyň ýeňijisi (2023 ý.) boldy.

2024-nji ýylda ol “France Football” neşiriniň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy.

Related posts

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Türkmen samboçylary 22 medal gazandy

“Arkadag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýeňlişsiz tamamlady