SPORT

Luis Dias “Bawariýa” geçdi

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň kolumbiýaly futbolçysy Luis Dias Germaniýanyň tejribeli topary bolan “Bawariýa” toparyna geçdi. Iňlis hem-de german toparlary futbolçy üçin ylalaşyp, ýarymgoragçynyň transferi üçin 75 million ýewro tölendi.

Luis Dias german topary bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Geçen möwsümde Luis Dias iňlsi toparynyň düzüminde 36 duşuşykda çykyş edip, 13 gol geçirdi.

Tejribeli futbolçy “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş eden 3-nji kolumbiýaly futbolçy bolar. Mundan ozal, bu toparda Adolfo Walensiýa we Hames Rogriges oýnapdy.

Şeýle hem 28 ýaşyndaky Luis Dias “Bawariýa” toparynyň satyn alan iň gymmat futbolçylarynyň biri boldy. Luis Dias “Liwerpul” toparynyň düzüminde 2022-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýärdi. Şondan ozal, ol “Porto” toparynda oýnapdy.

Kolumbiýaly topary german toparynyň şu möwsümde satyn alan 3-nji futbolçysy boldy. “Bawariýa” topary möwsümiň öňüsyrasynda düzümini güýçlendirmek üçin Jonatan Ta we Tom Bişof bilen şertnama baglaşdy.

Şol bir wagtda “Bawariýa” topary Leroý Saneni “Galatasaraý” toparyna, Erik Daýeri “Monako” toparyna goýberdi, şol sanda toparyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Tomas Mulleriň şertnamasy tamamlandy.

Ýene-de okaň

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

“Akylly” şäherde futbol bäsleşigi

Saud topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy