BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Söwda ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy

Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda  göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi.

Sanly ulgam arkaly duşuşyk  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alyşyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan  sergide Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meyilnamasyna garaldy.

Taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Malaýziýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Birža täzelikleri: Gonkongyň işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

“Kawasaki” kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmaga kömek eder