BIZNES

Omanly işewür Türkmenistanyň nebit önümlerine gyzyklanma bildirýär

2026-njy ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtda Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Oman Soltanlygynda hasaba alnan “DUX Middle East (FZC) LLC” kompaniýasynyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Rasul Guliaýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Rasul Guliaýew kompaniýanyň alyp barýan işleri barada Ilçä maglumat berdi. Şeýle hem ol Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleri bilen gyzyklandy.

Ilçi Muhammetgeldi Aýazow 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahatyň we serginiň geçiriljekdigini habar berdi hem-de Rasul Guliaýewi bu halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Related posts

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde lider bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lideri yeni kararlar imzaladı

vepa

Birža täzelikleri: nebit we dokma önümleri satyldy