BIZNES

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazutyny, uçar hem-de yşyk kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri el halylaryny, float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 19 müň manatlykdan gowrak bolan el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 30 million 625 müň manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el halylaryny, pagta süýümini satyn aldylar.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler