JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Ylmy işgärler üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

3000 Yıllık Anadolu Efsanesi: Tılsımlı Frigya’da Ultra Maraton Başlıyor!

vepa

Kaliforniýa uniwersitetiniň ALSA-nyň Prezidentligine Türkmenistanly hukukçy saýlandy