2026-njy ýylyň 12- nji awgustynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara wideoaragatnaşyk maslahaty guraldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda gurama agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi, söwda integrasiýasy we sebitara arabaglanyşyk meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Gurama agza döwletler bilen haryt dolanyşygyny artdyrmak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek barada garaýyşlar beýan edildi.
Şeýle hem türkmen tarapy sebitdäki maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin gurama agza ýurtlaryň telekeçileriniň gatnaşmagynda yzygiderli bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlaryny guramak meselesine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan geljekde hem YHG döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy durnukly we uzak möhletli esasda ösdürmäge doly taýýardyr diýlip bellenildi.
Bu duşuşyk sebit boýunça ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda möhüm meýdança boldy.
