Aşgabatda 13-nji awgustda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirokyň diplomatik missiýasynyň tamamlanmagy mynasybetli hoşlaşyk kabul edişligi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçiler, şeýle hem ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar.

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan dabarasynda ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, ilçi Türkmenistanda işlän döwründe görkezilen myhmansöýerlik we goldaw üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol türk-türkmen gatnaşyklarynyň iki halkyň umumy taryhyna, dil we medeni ýakynlygyna daýanýandygyny belläp, Aşgabatda bolan ýyllarynyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady, medeni we bilim ulgamlarynda berkändigini nygtady.


Demirok iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini yzygiderli goldandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallygyny bildirdi.

Ilçi öz diplomatik missiýasynyň döwründäki hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa we ýurduň daşary syýasat edarasynyň işgärlerine aýratyn minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Ilçi şeýle hem Türkiýäniň ilçihanasynyň işgärlerine we Türkmenistandaky türk işewürler jemgyýetçiligine sagbolsun aýdyp, türk kompaniýalarynyň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny belläp geçdi.

Çykyşyny jemlemek bilen, Demirok iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
