Ispaniýanyň «Atletiko» kluby Angliýanyň «Tottenhem» toparynyň kapitany, Argentinanyň milli ýygyndysynyň tejribeli goragçysy Kristian Romerony transfer edendigini mälim etdi.
Romero «Tottenhem» toparynda geçiren bäş möwsüminde 156 duşuşyga gatnaşdy, şolaryň 32-si geçen möwsüme gabat gelýär. Kristian 2024/25 möwsüminde Ýewropa ligasynda ýeňiji bolup, «Tottenhemiň» 17 ýyllyk kuboksyz döwrüni tamamlamagyna ýardam etdi.
Bir ýyl ozal Romero «Tottenhem» bilen 2029-njy ýyla çenli täze şertnama baglaşyp, toparyň kapitany bolupdy. Emma indi Argentinanyň milli ýygyndysynyň 28 ýaşly goragçysy Demirgazyk Londondan gidýär.
Romero «Atletiko» bilen 2031-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy. Transferiň bahasy 34,2 million funt sterling boldy. Mundan başga-da, «Tottenhem» futbolçy geljekde «Atletiko» tarapyndan başga kluba satylan halatynda, transfer töleginiň 15 göterimini alar.
Şu tomus Romero bilen «Arsenal» we «Inter» hem gyzyklanypdy. Ýöne Kristian ildeşi Diego Simeoneniň ýolbaşçylygyndaky «Atletikony» saýlady.
