Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sporty boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek halkara çäreleriň işine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine çakylyk haty gowşuryldy.
M.Heýdari türkmen tarapynyň çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň baştutanlygy esasynda türkmen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde tanadylmagy hem-de atçylyk sportunyň has-da ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny beýan etdi.
Mundan başga-da, eýran tarapy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bilelikdäki atçylyk ýaryşlarynyň Türkmenistanda we Eýranda guramak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.
