DÜNÝÄ

Türkmenistan halkara gatnaşyklarda emeli aňy parahatçylykly peýdalanmagy teklip edýär

Türkmenistan halkara gatnaşyklarda hem-de diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça BMG-niň howandarlygynda halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary boýunça beýanatynda bellenilip geçilýär.

Hususan-da, bu barada şeýle diýilýär:

– Halkara gün tertibiniň aýratyn ugry sanly tehnologiýalary we emeli aňy ösdürmek bilen baglydyr. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda hem-de diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça BMG-niň howandarlygynda halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.

Related posts

Türkmenistan “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy

Türkmen-belarus syýasy geňeşmeler geçirildi

Özbegistan-BAE: wizasyz döwür başlandy

Ata Watan Eserleri