DÜNÝÄ

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň sungat festiwalyny guramagy teklip etdi

Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu formatyň wajypdygyny nygtadylar, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki  ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem 2022-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Döwlet Baştutanlaryň sammitinde öňe sürlen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary halkara maglumat howpsuzlygy ulgamynda altytaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň hemişelik esasda hereket edýän Işewürlik formatyny döretmegiň möhümdigini nygtady. Medeni-ynsanperwer ugry boýunça Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň birinji Medeniýet we sungat festiwalyny geçirmeklik hem teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu formatyň çäklerinde yzygiderli işi dowam etmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň gözegçiligini kämilleşdirer

Awaza bilen Horezm sebitiniň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ýola goýlar

Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Leave a Comment