JEMGYÝET

3 ýyň jemi: jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

3 AÝYŇ JEMI BOÝUNÇA MAKROYKDYSADY GÖRKEZIJILER:

  • Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy.
  • 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.
  • Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy.
  • Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 53,8 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 126,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 134,4 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy.
  • Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 73-si geçirilip, 7 müň 366 şertnama hasaba alyndy.
  • Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 132 göterim ýerine ýetirilip, sergileriň 3-si we forumlaryň 13-si geçirildi.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy