BIZNES

2023-nji ýylda şaly öndürmek üçin degişli resminama gol çekildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Owganystan salgyt ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny artdyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy porty Özbegistan bilen Azerbaýjany üstaşyr ýük daşamalary bilen baglanyşdyrýar

Leave a Comment