DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1 aý dynç alar

Şu gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolmaga rugsat berýändigini habar berdi. Şeýle-de ýolbaşçylar düzüminiň Awazada, «Arçman», «Ýyly suw» we beýleki şypahanalarda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça öňdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günlerinde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

“Merkezi Aziýa + Germaniýa” formatyndaky köptaraplaýyn gepleşikler möhümdir

Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

USAID Türkmen senetçilik önümleriniň dünýä derejesinde satylmagyna ýol açýar

Leave a Comment