Mähriban ene-atalar, eziz çagalar we ýetginjekler!
“Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy sizi paýtagtymyzda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar.
Bu ajaýyp çäre 2026-njy ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda geçiriler. Serginiň çäginde guramamyzyň ýörite stendi çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň gyzykly, özüne çekiji hem-de ekologiýa sowatlylygy artdyrjak esasy nokatlaryň birine öwrüler.
Biziň stendimizde çagalary “Eco Jenga”, “Save the planet springer”, “Eco-themed T-shirt activity”, “Eco sorting”, “Tangram” hem-de “Bu nämäniň ýapragy?” ýaly gyzykly eko-oýunlar garaşýar. Şeýle hem galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, çagalar tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda dürli ösümlikleri ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup bilerler.
Wagtyňyzy peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli geçiriň! Sergide size sabyrsyzlyk bilen garaşýarys!
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +(993 64) 26-84-32
TikTok: @yash_tebigatchy.jg
Instagram: @yashtebigatchy
